Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşuny Sumy we Odessa sebitlerine hüjüm etdi, Ohtyrkada 12 adam ýaralandy


Ohtyrka edilen hüjümiň netijeleri
Ohtyrka edilen hüjümiň netijeleri

Rus goşunlary 20-nji awgusta geçilýän gije Ukrainanyň Sumy we Odessa sebitlerine hüjüm etdi.

Ukrainanyň Milli polisiýasynyň habaryna görä, rus goşuny Sumy sebitiniň Ohtyrka şäherine pilotsyz uçar hüjümlerini edip, 12 adamy ýaralady.

Köp kwartiraly ýaşaýyş jaýyna, 13 sany hususy jaýa, hojalyk binasyna we garaža zyýan ýetdi.

Rus harbylary öten agşam Odessa sebitine hem hüjüm etdiler. Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugynyň deslapky maglumatlaryna görä, bir adam ýaralandy.

Giň gerimli zarba netijesinde ýangyç we energiýa infrastrukturasy desgalarynda ýangyn boldy. Ony söndürmäge 54 adam we 16 sany tehniki enjam gatnaşdy, "Ukrzaliznytsia" paýdarlar jemgyýetiniň ýangyn otlusy hem ýangyn söndürmäge çekildi.

Anyk haýsy obýekte hüjüm edilendigi aýdylmady. Odessa sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleg Kiper Izmail şäherinde infrastruktura desgalaryna we önümçilik desgalaryna zyýan ýetendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG