2025-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda Türkmenistan Russiýadan 125 müň tonnadan gowrak oba hojalygy önümini import etdi, olaryň umumy bahasy 110 million dollardan gowrak diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” rus metbugatyna salgylanyp habar berýär.
Oleoscop portalynyň 19-njy awgustda “Agroexport” federal merkezine salgylanyp ýazmagyna görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistana iberilýän önümleriň derejesi gymmaty boýunça 16% ýokarlandy.
Russiýa Türkmenistana et-ýag, süýt-gatyk önümlerini, balyk önümlerini, içgileri, konditer önümlerini iberýär, eksport edilen harytlaryň arasynda günebakar ýagy ilkinji orunda durýar.
Türkmenistan 2023-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Russiýadan soýa ýagyny hem import edip başlady.
Bu döwürde Türkmenistan Russiýadan amerikan dollarynda 13 milliondan gowrak bahasy bolan un, 8 milliondan gowrak bahasy bolan şeker, 7 milliondan gowrak bahasy bolan margarin, 4 milliondan gowrak bahasy bolan çaga iýmitini import edipdir.
Neşir mundan öň Türkmenistanyň Gazagystandan hem un we ösümlik ýagyny satyn alýandygyny habar beripdi.
Türkmen metbugaty ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin uly işleriň edilýändigini tekrarlaýar, ilatyň azyk meselesinde ýüzbe-ýüz bolýan gündelik kynçylyklaryny boýun almaýar.