Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň Gürjüstana deportasiýa eden 65 raýatyny ýurda dolady


"Darialide" saklanan ukrainalylar
"Darialide" saklanan ukrainalylar

Gürjüstan-Russiýa serhedindäki aralyk zonada galan altmyş bäş raýat Ukraina gaýdyp geldi. Olaryň arasynda on aýal we sekiz sany agyr keselli adam hem bar diýip, Ukrainanyň Daşary işler ministri Andriý Sybiga aýtdy.

"Olaryň hemmesi hakykatda Russiýanyň hereketleri sebäpli döredilen gumanitar krizis şertlerinde, Gürjüstanyň "Dariali" barlag nokadynda saklanýardy. Ukrain diplomatlary we konsullary raýatlary yzyna gaýtarmak we olaryň daşary ýurtlarda bolmak şertlerini gowulandyrmak üçin, halkara guramalaryny hem çekmek bilen, ähli tagallany etdiler" diýip, ol ýazdy.

Bu adamlary Moldowanyň çäginden geçirip, yzyna getiripdirler.

Onuň sözlerine görä, geçen aýlarda 44 adam yzyna getirildi. Şeýlelik bilen, “Dariali” barlag nokadyndan öýlerine gaýdyp gelen ukrainalylaryň umumy sany 109 adama ýetdi.

"Russiýa-Gürjüstan serhedindäki gumanitar krizis iýun aýynyň ikinji ýarymynda, Russiýa bu gözegçilik nokadyna deportasiýa edilen ukrain raýatlarynyň sanyny birden artdyryp başlanda ýüze çykdy. Ukraina tarapy Russiýa Federasiýasyna adamlary Gürjüstan däl-de, göni ukrain serhedine ibermek çagyryşy bilen bireýýäm açyk ýüz tutdy. Bu teklip henizem güýjünde galýar" diýip, Andreý Sybiga belledi.

XS
SM
MD
LG