ABŞ-da türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Waşingtondaky türkmen ilçihanasynyň öňünde galgaýan türkmen baýdagy

Türkmenistanyň wekiliýeti 13-nji fewralda ABŞ-nyň Döwlet departamentinde döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary, ilçi Jon Pommerşaým bilen duşuşdy diýip, türkmen DIM-i habar berýär.

Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar, 2023-nji ýyldaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän netijeli bolandygyny bellediler.

Şeýle-de, diplomatlaryň 2024-nji ýylda meýilleşdirilýän syýasy geňeşmeleriň guramaçylyk taraplaryny maslahatlaşandygy aýdylýar.

Şeýle-de, türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň C5 + 1 sekretariaty boýunça utgaşdyryjysy, hanym Keýtlin Setola bilen duşuşdy. Taraplar howpsuzlyk, ykdysadyýet, energiýa we daşky gurşaw boýunça C5+1 dialogynyň iş toparlarynyň alyp barýan işiniň netijeliligini bellediler.

Mundan başga, türkmen wekiliýeti duşenbe güni “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Duşuşyga Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi Meret Orazow, Daşary işler ministrliginiň Amerika ýurtlary bölüminiň başlygy, Ilçi Ç.Ataýew, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, geňeşiň agzalary bolan amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.