ABŞ-nyň we Türkmenistanyň arasynda ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. 20-nji awgustda Waşingtonda gecirlen bu gepleşiklerde biznes gatnaşyklary bilen bilelikde dini azatlyklar we zähmet haklary ýaly meseleler gozgaldy.
ABŞ-Türkmenistan ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmeleriň on birinji tapgyryna türkmen tarapyndan daşary işler ministri Raşit Meredow, Döwlet departamenti tarapyndan döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaim gatnaşdy.
Degişli maglumat Waşingtonda ABŞ-Türkmenistan ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirildiDöwlet departamentiniň çap eden beýanatynda gepleşigiň üstünlikli geçendigi aýdyldy. Maglumata görä, taraplar ABŞ-Türkmenistan gatnaşyklaryny ösdürmäge, şol sanda howpsuzlyk hyzmatdaşlygy, ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, dini azatlygy ösdürmek we C5 + 1 diplomatik platformasy arkaly gatnaşygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny belläpdir.
1992-nji ýylda ýola goýlan “C5+1” platformasy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny we Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny: Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany we Özbegistany birleşdirýän diplomatik gatnaşyklaryň bir görnüşidir. Bu platforma ykdysadyýet, energetika hem-de daşky gurşaw ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik berýär.
Çarşenbe güni Waşingtonda bolan bu gepleşikler barada Türkmenistanyň metbugatynda çap bolan maglumatda daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň syýasy meseleler boýunça Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşandygy habar berildi.
Türkmen mediasynda bu duşuşyga degişli çap edilen maglumatda Marko Rubionyň sosial ulgamdaky sahypasynda çap bolan habara salgylanylyp, Amerikan tarapynyň Türkmenistan bilen ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ilerledilmegine, şeýle hem “C5+1” diplomatik formatynyň çäginde sebitleýin goşulyşmagyň ösdürilmegine ygrarlydygyny habar berendigi bellendi.
"Turan" barlag merkeziniň baş bilermeni Brýuce Pannier Waşingtonda Marko Rubionyň Raşit Meredow bilen duşuşygynyň formal görnüşde örän gysga bolandygyny belläp, bu ýagdaýy ABŞ-nyň daşary syýasatynda Ukrainadaky uruş we Ýakyn Gündogardaky krizis ýaly ileri tutýan meseleleri bilen örän başagaý pursat bilen baglanyşdyrdy.
"ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio türkmen daşary işler ministri Raşit Meredowa diňe bir-iki minut wagtyny sarp etdi. Bu adaty formal tejribelerden hem tapawutlandy. Emma meniň pikirimçe, bu ABŞ-nyň Türkmenistana gyzyklanma bildirmeýändigini aňladmaýar, eýsem bu soňky döwürde bolup geçýän ýagdaýlara - Alýaskadaky sammit we ABŞ-nyň Ukraina boýunça Russiýa we ÝB bilen gepleşiklerine degişli başagaýlykdan habar berýär. Türkmenistan ABŞ-nyň daşary syýasatynda hiç wagtda ileri tutulýan mesele bolmandy, aýratynam häzirki pursatda" diýip, Pannier belledi.
Döwlet departamentiniň resmi habarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistan bilen gepleşiklerinde ABŞ-nyň esasy kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn işewürlik şertnamalaryny goldamak we Türkmenistanda maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek meselesini ara alyp maslahat edendigi bellendi. Şeýle-de, maglumata görä, munuň bilen bilelikde din azatlygy we zähmet haklary gozgalan meseleleriň arasynda bolupdyr.
Din azatlygy we zähmet haklary
ABŞ-nyň Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy bilen gatnaşyklaryndaky öňegidişligi ykrar edip, hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrandygy döwlet departamentiniň habarynda aýdyldy.
BMG-niň zähmet ülňüleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça ýöriteleşdirilen edarasy Halkara zähmet guramasynyň baş müdiriniň kömekçisi Beata Andres 27-nji fewralda Aşgabada sapar etdi. Şonda Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça konwensiýasyna goşulmak mümkinçiligini öwrenýändigi yglan edildi.
Türkmenistan, hususan-da, pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär. Munuň bilen baglylykda, Birleşen Ştatlar 2018-nji ýylyň maýynda, mejbury zähmet aladalaryna salgylanyp, türkmen pagtasynyň hem-de ondan öndürilen önümleriň Birleşen Ştatlara import edilmegini gadagan edipdi.
Brýus Pannier zähmet we din azatlygy ýaly problemalaryň ikisi babatynda-da Türkmenistandaky ýagdaýynyň agyrdygyny belledi we bu meseleleriň ABŞ tarapyndan ýene-de gozgalmagy bu problemalaryň henizem saklanyp galýandygyny aňladýar diýdi.
Degişli maglumat ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlarynyň netijeleri Merkezi Aziýadaky syýasata nähili täsir ýetirer?"Zähmet we din azatlygy bilen bagly ýagdaý agyr. Türkmenistan bilen biznes gatnaşyklaryna gyzyklanma bildirýän islendik ýurt bu ýagdaýa üns berýär. Türkmenistan sanlary çap etmeýän hem bolsa, ýurtda agyr işsizlik saklanýar. Raýatlar kadaly iş şertleri we zähmet haky bilen üpjün edilmeýär, olaryň gazanjyndan eden-etdilikli tutumlar alynýar. Din azatlygy hem Türkmenistanda ýok. Munuň ABŞ-Türkmenistan gatnaşyklary üçin näderejede möhümdigini aýtmak kyn, emma amerikan tarapy bu problemalary dowamly gozgaýar" diýip, Pannier aýtdy.
Türkmenistan Baş kanunynda berkidilen esasy azatlyklaryň biri din azatlygyny ýurtda ýyllarboýy gödek depelemegi halkara jemgyýetçiligi, şol sanda Döwlet departamenti tarapyndan berk tankyt edilýär.
ABŞ-nyň Halkara Din azatlygy boýunça Komissiýasy (USCIRF) 2025-nji ýylyň aprel aýynda çap eden soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistany ýene-de “aýratyn alada döredýän ýurt” hökmünde häsiýetlendirdi. Bu kesgitleme, ýurduň din azatlygy boýunça dowam edýän çynlakaý, yzygiderli we giň gerimli bozulmalary sebäpli berilýär.
Şol hasabatda Türkmenistandaky din azatlygynyň ýagdaýynyň gowulaşmaýanlygy, hökümetiň ähli garaşsyz dini işjeňliklere şübhe bilen garamagy we içerki hem-de daşarky ynançlylary gözegçilik astynda saklamagy dowam etdirýändigi nygtaldy.
Degişli maglumat ABŞ-da türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.