- Ukrainanyň harbylary Pokrowskyň golaýyna aralaşan rus bölümçeleriniň öňüni baglap, olaryň öňe gidişligini togtatdy
- Bu töwerekde ýerleşýän Dobropilýa şäherçesiniň ýaşaýjylary dowam edýän bomba hüjümlerine sezewar bolýar
Ukrainanyň harbylary gündogar Pokrowsk şäheriniň demirgazyk bölegindäki goranyş çyzygyny böwsen rus bölümçelerini togtatdylar. Ýöne bu sebitde ýerleşýän Dobropillýa şäherçesiniň ýaşaýjylary üznüksiz dowam edýän bomba hüjümleriniň astynda ynjalyk tapmaýar.
Awgustyň başlarynda bolup geçen rus öňe gidişligi kiçi ýöne çalt hereket edýän bölümçeler tarapyndan amala aşyryldy. Olaryň käbirleri motosikllerde ukrain pozisiýalaryny aralaşyp, soňra motordan düşüp pyýada hereket edýärdiler diýip, Ukrainanyň 82-nji howa hüjümleri brigadasynyň agzasy aýdýar. Bu brigada häzir dowam edýän garşylyk hüjümleriň başyny çekýär.
“Fizruk” kod ady bolan bir esger front çyzygynyň birnäçe kilometr içine çenli aralaşmagy başaran rus bölümçeleriniň häzir togtadylandygyny aýtdy.
“Arassalaýyş we stabilizasiýa operasiýalary häzirki pursatda gaty üstünlikli barýar” diýip, ol aýtdy. “Meniň pikirimçe biz ýakyn wagtda netije alarys” diýip, esger belledi.
Ýöne ukrain güýçleri front çyzygyny gorap, rus öňe gidişligini yza serpikdirmegi başarsalar-da Dobropillýa şäherçesinde asuda ilat dowamly rus zarbalaryna duçar galýar.
2024-nji ýylda Orsýet tarapyndan basylyp alnan ukrain şäherleri we obalary
16-njy awgustda rus raketasynyň guýrugy bäş gatly bir ýaşaýyş binasyna baryp urdy, binalar ýykylyp, goňşular bir-biregiň kwartirasyny ýumrulan pollardan seredip bilýärdiler.
“Men aýalym bilen stolda otyrdyk welin, şora şeýle boldy” diýip, Ýuriý aýdýar. “Tüsse, duman, Ol men hiç zat görüp bilemok diýip gygyrdy. Men şu ýere süýşdüm, aýagym deşige gaçdy” diýip, ol belledi.
Ýaşaýjylar Häzirki zamanyň habarçysy Borys Sakalkowa raketanyň döwlüp, binanyň daş ýüzüne gaçandygyny aýtdylar, bu aralykda şäherçe Şahed dronlarynyň hem-de ganatly bombalaryň hüjüm tolkunyna sezewar galýardy.
Bir wagtlar ösen magdançylyk şäherçesi bolan Dobropillýanyň ýaşaýjylary ejir we sütem hakda gürrüň edýärler.
“Biz suwsuz. Hemmeler içmek isleýär! Haýyş, bize suw almaga kömek beriň, suwy içer ýaly däl hem bolsa” diýip, bir aýal özelenýär.
Larisa aýna owuntyklarynyň we kerpiç bölekleriniň üstünden ätläp, özüniň iň ýakyn dostuny ýitirişini ýatlaýar: “Ol bir zatlar satyn aljak diýip gitdi, sebäbi arzanladyş yglan edilipdi. Soň gaýdyp gelmedi” diýip, ol aýdýar.
Urşuň soňuna çykmak barada alnyp barylýan soňky diplomatik gepleşiklere garamazdan, Dobropillýa şäherçesiniň has köp ýaşaýjysy terk etmäge çalyşýar.
“Biz parahatçylygyň gelmegi üçin, gepleşiklere garaşyp oturdyk” diýip, Larisa aýdýar.