2025-nji ýylyň başyndan bäri Russiýanyň goşunynyň düzüminde Ukrainadaky söweşe gatnaşmak üçin azyndan 122 türkmen raýaty hakyna tutlypdyr. Bu barada Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşan daşary ýurtly hakyna tutma söweşijiler barada maglumat çap edýän "Ýaşamak isleýärin" atly ukrain proýekti habar berdi.
Maglumata görä, türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň hakyna tutulmagynyň öňüni almak üçin edýän tagallalaryna garamazdan, Russiýa türkmen raýatlaryny esasan hüjüm bölümlerine çekmek synanyşyklarynda üstünlik gazanmak başardýar.
Şeýle-de, maglumatda Russiýanyň goşunynda söweşýän türkmen raýatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň az sanly bolsa-da, 2023-nji ýyldan bäri olaryň sany kem-kemden köpeldi diýilýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň söweşe gitmek üçin şertnama gol çekmeginiň esasy sebäpleri maliýe serişdesi we Russiýanyň raýatlygyny almak mümkinçiligi diýlip görkezilýär.
Mundan öň Ukrainanyň ýesirler boýunça geňeşiniň ýanyndaky "Ýaşamak isleýärin" atly proýekti Ukrainadaky uruşda Russiýanyň tarapynda söweşýän Türkmenistanyň 170 raýaty barada maglumat ýaýradypdy.
2-nji maýda çap edilen şol maglumatda, sanawyň 2025-nji ýylyň başyna çenli degişlidigi we onda görkezilen türkmen raýatlarynyň 20 ýaşdan 61 ýaş aralygynda bolup, olaryň arasynda azyndan 27-siniň ölendigi habar berlipdi.
Proýekt daşary ýurtlularyň köplenç söweşleriň öň hataryna iberilýändigini we yzky bölümlere seýrek düşýändigini belleýär.
Şu aýda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň müňden gowrak raýatynyň şertnamalary gutarandan soň Ukrainada Russiýanyň tarapynda söweşýändigi we olaryň arasynda Türkmenistanyň 68 raýatynyň bardygy mälim boldy.
"Ýaşamak isleýärin" atly proýektiň 12-nji awgustda çap eden habarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň jemi 1225 raýatynyň, şertnamalarynyň möhletiniň gutarandygyna garamazdan, Ukraina garşy uruş alyp barýan rus goşunlarynyň hatarynda söweşýändigi aýdylypdy.
Şol habara görä, Russiýanyň ýaragly güýçleriniň düzüminde söweşýän raýatlarynyň sany boýunça Özbegistan birinji ýerde bolup, bu ýurduň raýatlarynyň sany 426 adam. Şeýle-de, 367 täjik, 241 gazak we 155 gyrgyz raýaty hasaba alnypdyr.
Ukrainanyň Daşary işler ministrligi ozal rus goşunyna çagyrylan daşary ýurtlulary söweşe gatnaşmazlyga we dörän ilkinji mümkinçilikde ýesir düşmäge we munuň üçin döredilen "Ýaşamak isleýärin" (“Hoçu Žit”) proýektine ýüz tutmaga çagyrdy.
Proýektiň awtorlary Türkmenistanyň uly nebit we gaz ätiýaçlyklaryna eýe bolmagyna garamazdan, ýurtdaky pes aýlyk haklarynyň we ýokary işsizligiň ýerli ilaty Russiýa gazanç üçin gitmäge mejbur edýändigini belleýärler.
Türkmenistanyň hökümeti raýatlarynyň Ukrainadaky uruşa gatnaşýandygy barada media maglumatlaryna teswir bermeýär. Türkmen resmileri hatda migrasiýa meselesini hem açyk agzamaýar.
Şol bir wagtda, raýatlary, şol sanda harbylary ýurtdan goýbermezlik boýunça çäreleri görýär. Şu ýylyň başynda harby ofiserler häkimlige çagyrylyp, olaryň biometriki pasportlary ellerinden alyndy we olara Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna gatnaşmazlyk tabşyryldy.
Şu aýda MHM we döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri ilatyň arasynda öwüt-nesihat işlerini geçirip, welaýatlylardan Russiýada zähmet çekýän we okaýan garyndaşlaryna Ukrainadaky urşa goşulmazlyk hakda duýdurmagy talap etdiler.
Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, güýç edaralarynyň we ýerli migrasiýa gulluklarynyň işgärleriniň şeýle düşündiriş işleri Balkanabat şäherinde, Bereket we Gyzylarbat şäherlerinde geçirilipdir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum